Dünýä Kubogy 2026-nyň Interkontinental pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary-da geçirilip, 2 ýygyndy ençeme ýyldan soň iň uly futbol bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy. Meksikada geçirilen duşuşyklarda Afrikanyň hem-de Aziýanyň wekilleri ýeňiji boldy.

Ýarym finalda Ýamaýkanyň ýygyndysy Täze Kaledoniýany Kadamarteriniň ýeke-täk goly bilen ýeňip, finalda Kongo DR-niň bäsdeşi boldy. Bu duşuşyk hem şol hasap bilen tamamlanyp, afrikalylar 100-nji minutda “Mançester Ýunaýtediň” ozalky oýunçysy Aksel Tuanzebeniň tapawutlanmagynda taryhy ýeňiş gazandy. Kongo DR-niň ýygyndysy 52 ýyldan soň Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Olar mundan öň ilkinji gezek 1974-nji ýylda Zair ady bilen wekilçilik edipdiler. Kongo DR-niň ýygyndysy Dünýä Kubogy 2026-da “K” toparçada Portugaliýadyr Özbegistanyň hem-de Kolumbiýanyň milli toparlary bilen duşuşar.

Pleý-offuň beýleki duşuşygynda Yragyň ýygyndysy ýeňiş gazanan tarap boldy. Ýarym finalda Boliwiýanyň milli ýygyndysy Surinamyň milli toparyny garşydaşynyň öňe geçendigine garamazdan, Paniaguanyň hem-de Terserosyň gollary esasynda 2-1 hasabynda ýeňdi. Meksikanyň Guadalupe şäherinde geçirilen duşuşykda Boliwiýanyň ýygyndysy bilen Yragyň milli topary duşuşdy. Duşuşykda yraklylar 10-njy minutda Al-Hamadiniň goly bilen öňe geçse-de, Paniagua 38-nji minutda hasaby deňledi. Ýöne 53-nji minutda Yragyň ýygyndysyny ýyldyz oýunçysy Aýmen Hussein goly bilen 2-nji gezek öňe saýlandy. Bu duşuşykdaky soňky gol bolup, Yragyň ýygyndysy 40 ýyldan soň Dünýä Kubogyna ýollanma aldy. Soňky gezek 1994-nji ýylda ABŞ-daky çempionata gatnaşan boliwanlaryň 32 ýyllyk arakesmesiniň üstüne ýene-de 4 ýyl goşular.