Daniýa Patyşalygynyň paýtagty Kopengagen 2025-nji ýylda ýaşamak üçin dünýäniň iň rahat şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Sanaw Britaniýanyň “Economist Intelligence Unit” (EIU) seljeriş merkezi tarapyndan taýýarlandy. Kopengagen durnuklylyk, bilim we infrastruktura babatda ýokary bahalara mynasyp boldy. Geçen üç ýylda sanawyň başyny Awstriýanyň paýtagty Wena çekipdi. Indi ol Şweýsariýanyň Sýurih şäheri bilen ikinji orny paýlaşýar. Mundan başga-da, ilkinji onluga Melburn (Awstraliýa), Ženewa (Şweýsariýa), Sidneý (Awstraliýa), Osaka (Ýaponiýa), Oklend (Täze Zelandiýa), Adelaida (Awstraliýa) we Wankuwer (Kanada) girdi. 173 şäheri öz içine alýan sanaw, esasan, saglygy goraýyş, bilim, infrastruktura, daşky gurşaw we durnuklylyk ýaly ölçeglere laýyklykda düzülýär. Sanawyň soňky orunlaryny eýeleýän şäherler onçakly üýtgemedi. Iň soňky orny Damask eýeleýär. Şeýle-de, sanawa Dakka, Tripoli, Karaçi we Alžir girýär.