Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän 2025-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy hem-de taryhy söz sözlemegi sözüň doly manysynda beýik döwrümiziň ýatdan çykmajak syýasy-jemgyýetçilik wakasy boldy. Foruma ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri bilen birlikde dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan syýasatçylar, iri kompaniýalaryň, maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik düzümleriň wekilleri, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdy.
Gahryman Arkadagymyz forumyň belent münberinden eden çuň manyly çykyşynda: «Türkmenistan adalatly geoykdysadyýet ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Energiýa çeşmelerini ulag geçelgelerini, bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek bilen, täze iri ykdysady taslamalary amala aşyrmagy öňe sürýär. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup biler» diýmek bilen, foruma gatnaşyjylaryň ünsüni agzalan sebitlerde durmuşa geçirilýän energetika, ulag hem-de üpjünçilik taslamalarynyň ähmiýetine çekdi.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen-owgan gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär we owgan topragynda parahatçylygyň dabaralanmagy, owgan halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek maksady bilen ynsanperwer başlangyçlar öňe sürüldi. Milli Liderimiziň gatnaşyklarymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk taryhy köklerine, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan öňdengörüjilikli, parasatly, ynsanperwer «Açyk gapylar» syýasaty bilelikdäki şeýle möhüm ähmiýetli köpugurly taslamalaryň amala aşyrylmagyna mümkinçilik berdi. Goňşy döwletimiz Owganystanda durmuş-ykdysady ösüşler arkaly parahatçylygy ýola goýmakda aýgytly ädim ätmäge ýardam etdi. Milli Liderimiz bular dogrusynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň beýik münberinden eden çykyşlarynda biziň ýurdumyzyň garaýyşlaryny aýdyp, öz taglymatyny «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen gysga jümlede beýan etdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklary hasaplanýan ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmäge, bu ugurda iri möçberli halkara taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýa alnyp barylýar. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy hem muňa aýdyň mysaldyr.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti diňe bir Günorta – Gündogar Aziýa ýurtlary üçin energiýa serişdeleriniň durnukly üpjün edilmegi bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine-de uly itergi berýär.
Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.