3-nji iýunda Koreýa Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda “Toburo” demokratik partiýasynyň dalaşgäri Li Çže-Mýon ýeňiş gazandy. Onuň esasy bäsdeşi, ýurduň dolandyryjy konserwatiw “Halkyň güýji” partiýasynyň lideri Kim Mun-Su ýeňilendigini boýun aldy. Sesler doly sanalandan soň, Li 49,4% Kim – 41,1% ses aldy. Saýlawlara gatnaşyk 78 göterimden gowrak bolup, 1997-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi.

61 ýaşly Li Çže-Mýon zähmet kanunlaryna özgerişlik girizmegi, esasan hem, zähmet hepdesini gysgaltmagy, çagalaryň sanyna baglylykda ene-atalar üçin salgyt tutumlaryny azaltmagy we pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmagy wada berýär. Daşary syýasatda Li ABŞ we Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmekçi. Şeýle hem, KHDR bilen aragatnaşyk ýollaryny dikeltmek isleýändigini mälim etdi.

Günorta Koreýada möhletinden öň guralan saýlawlar öňki Prezident Ýun Sok Ýoluň wezipesinden çekilenden soň geçirildi. 4-nji iýuna Milli saýlaw topary saýlawlaryň netijelerini tassyklandan soň,  täze saýlanan Prezident kasam kabul edip, wezipesine girişdi.

Koreýa Respublikasy Gündogar Aziýada bir ýurt bolup, ilaty 51 milliondan gowrak adam. Ýurt Koreýa ýarym adasynyň günorta böleginde ýerleşýär. Respublikanyň diňe Koreýa Halk Demokratik Respublikasy bilen gury ýer,  Ýaponiýa bilen hem deňiz serhedi bar. Ýurduň paýtagty Seul şäheri.