Ýer ýüzüni gönüden-göni emeli hemralardan ýaýradylýan internet bilen üpjün etegi maksat edinýän “Starlink”  taslamasynyň çäklerinde sargyt kabul edilip başlandy. Häzirki wagtda dürli ýurtlarda 10 müňden gowrak ulanyjysy bolan “Starlink” interneti häzirki wagtda beýleki üpjün edijilerden biraz gymmat. ABŞda bu internetden peýdalanmak üçin 499 dollara antenna oturtmaly we aýda 99 dollar tölemeli. Angliýada 439 funt sterling antenna almaly we aýlyk tölegi 89 funt sterling. Internetiň tizligi 50-150 Mb/sekunt tizlikde bolup, wagtal-wagtal has ýokary tizlikde hem hödürlenýär. Häzirki wagtda ABŞ, Kanada, Angliýa, Awstraliýa, Täze Zelandiýa we Meksika ýaly ýurtlarda sargyt kabul edip başlandy. Ýakyn geljekde Ispaniýa, Italiýa, Hindistan, Ýaponiýa we Karib adalaryndaky ýurtlarda hem bu hyzmat ýola goýlar.

“SpaceX” kompaniýasynyň durmuşa geçirýän “Starlink” taslamasynyň çäklerinde häzire çenli müňden gowrak emeli hemra kosmosa iberildi. 2027-nji ýyla çenli emeli hemralary sany 42 müňe ýetirilmegi göz öňünde tutulýar. “Falcon 9” raketalary arkaly amala aşyrylýan uçuşlaryň her birinde 60 emele hemra kosmosa çykarylýar. Taslamanyň çäklerinde dünýäniň, esasan hem, şäherlerden uzak ýerlerini ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.