Geçen ýyl tehniki sebäplerden uçuşy yza süýşürilen astronawtlar bir ýyla golaý wagtdan soňra kosmosa gitdiler. “Boeing” kompaniýasynyň “Starliner” atly kosmos gämisinde çykan tehniki näsazlyk sebäpli dört astronawtyň uçuşy yza süýşürilipdi.
“SpaceX” kompaniýasynyň “Crew Dragon” kosmos gämisi bilen Halkara kosmos bekedine ugradylan astronawtlar ABŞ, Russiýa we Ýaponiýa degişli.
ABŞ-na wekilçilik edýän Zena Kardman ilkinji gezek kosmosa çykýar. Onuň hünäri biolog bolup, polýar barlaglary bilen gyzyklanýar. Maýk Fink bolsa NASA-nyň tejribeli astronawtlarynyň biri. Ol mundan ozal üç gezek kosmosda bolupdyr.
Ekipaždaky ýaponiýaly astronawt Kimiýa Ýui mundan ozal 2015-nji ýylda Halkara kosmos bekedine gidipdi.
Russiýadan gatnaşan Oleg Platonow bolsa ilkinji gezek kosmosa çykdy.
Topar Halkara kosmos bekedinde alty aýdan bäri zähmet çekýän ekipaž bilen ornuny çalşar.
Halkara kosmos bekedine gidýän astronawtlar adatça başga bir ugurdan hünärmen bolup, dartyş güýjüniň bolmadyk şertlerinde dürli tejribeleri geçirýärler.Kosmosa 1 ýyl giç gitdiler
Geçen ýyl tehniki sebäplerden uçuşy yza süýşürilen astronawtlar bir ýyla golaý wagtdan soňra kosmosa gitdiler. “Boeing” kompaniýasynyň “Starliner” atly kosmos gämisinde çykan tehniki näsazlyk sebäpli dört astronawtyň uçuşy yza süýşürilipdi.
“SpaceX” kompaniýasynyň “Crew Dragon” kosmos gämisi bilen Halkara kosmos bekedine ugradylan astronawtlar ABŞ, Russiýa we Ýaponiýa degişli.
ABŞ-na wekilçilik edýän Zena Kardman ilkinji gezek kosmosa çykýar. Onuň hünäri biolog bolup, polýar barlaglary bilen gyzyklanýar. Maýk Fink bolsa NASA-nyň tejribeli astronawtlarynyň biri. Ol mundan ozal üç gezek kosmosda bolupdyr.
Ekipaždaky ýaponiýaly astronawt Kimiýa Ýui mundan ozal 2015-nji ýylda Halkara kosmos bekedine gidipdi.
Russiýadan gatnaşan Oleg Platonow bolsa ilkinji gezek kosmosa çykdy.
Topar Halkara kosmos bekedinde alty aýdan bäri zähmet çekýän ekipaž bilen ornuny çalşar.
Halkara kosmos bekedine gidýän astronawtlar adatça başga bir ugurdan hünärmen bolup, dartyş güýjüniň bolmadyk şertlerinde dürli tejribeleri geçirýärler.