“Blue Origin” kompaniýasy kosmos syýahatlaryny dowam etdirýär. Alty orunlyk kosmos gämisiniň orbitanyň golaýyna eden syýahaty şowly tamamlandy. Asman giňişligine syýahatçylyk maksatly uçuşa ilkinji amerikan astronawty Alan Şepardyň gyzy Laura Şepard Çörçli hem gatnaşdy. Kompaniýanyň syýahatçylyk maksatly amala aşyran üçünji uçuşy bary-ýogy 11 minut dowam etdi. Gämi 100 kilometr töweregi belentde, Ýeriň dartyş güýjüniň täsirini ýitirýän ýerine baryp gaýtdy. Ozalkylardan tapawutlylykda bu uçuşa alty adam gatnaşdy. Şeýle hem amerikan futboly oýunçysy we alypbaryjy Mihael Strahan, Daýlan Teýlor, maýadar Ewan Dik, “Bess Ventures” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Leýn Bess we onuň ogly Kameron Bess kosmosa çykdy.
Leýn we Kameron Bessler kosmosa çykan ilkinji ataly-ogul boldy. Şepard bilen Strahanyň bu syýahata hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşandygy we pul tölemändigi mälim edildi. “Blue Origin” iýul aýyndan bäri 14 adamy kosmosa çykardy.
Kompaniýanyň şu ýylyň iýulyndaky ilkinji uçuşyna Bezosyň özi bilen 82 ýaşly zenan uçarman Walli Fank, oktýabr aýyndaky ikinji uçuşa “Star Trek” teleserialynda kapitan Jeýms Körküň keşbini janlandyran 90 aşly William Şatner gatnaşypdy. Bu iki uçuşyň her birinde gäminiň bortunda dört adam bardy.
Ýeri gelende bellesek, “Blue Origin” kompaniýasynyň kosmos gämisine 1961-nji ýylda kosmosa çykan ikinji adam (birinji Ýuriý Gagarin) Alan Şepardyň hormatyna “New Shepard” diýlip at berlipdir.