Premýer-ministr Albin Kurtiniň ýolbaşçylygyndaky Kosowanyň dolandyryjy “Öz ykbalyňy özüň kesgitle!” partiýasy parlamente geçirilen möhletinden öňki saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny mälim etdi.
Kosowanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň hemmesinde diýen ýaly sesler sanalandan soň, “Öz ykbalyňy özüň kesgitle!” partiýasy 49,62% ses aldy.
Ses berişligiň netijeleri aşakdaky ýaly dowam edýär:
Kosowonyň Demokratik partiýasy (PDK): 21,17%
Kosowonyň Demokratik ligasy (LDK): 13,68%
Kosowonyň geljegi üçin bileleşik (AAK): 5,71%
Kosowodaky türkler üçin parlamentde kepillendirilen iki orun ugrunda göreşen Kosowonyň Türk demokratik partiýasy (KDTP) saýlawçylaryň 0,62%-iniň (5 müň 332 sany) sesine eýe boldy.
Deslapky maglumatlara görä, saýlawçylaryň gatnaşygy 44,99% boldy. Kosowoda täze hökümeti gurmak üçin «Öz ykbalyňy özüň kesgitle!» partiýasy parlamentde zerur bolan köplügi üpjün etmek maksady bilen, KDTP-ni hem goşmak bilen, beýleki jemgyýetçilik partiýalary bilen ylalaşyk gazanmaly bolar. Kosowonyň parlamentindäki 120 mandat ugrunda jemi 24 syýasy partiýa bäsleşdi. Ýurtda 2 milliona golaý saýlawçy hasaba alnan.