27.9 C
Aşgabat

Krosswordyň soraglary

1. Doňzuň çagasy
2. Müşk ýaly ýakymly ysly jisim.
3. Alada-ünjüsizlik, rahatlyk.
4. Gyz-gelinleriň bäş barmagynyň bäşisine dakylýan bezeg şaýy
5. Ynanç, pikir (köne söz).
6. Süýt önümi
7. Bir aý dowamynda çekilen zähmete tölenýän hak, iş haky.
8. Ýapragy söwüdiňkä meňzeş, sary gülli, baldagy süýtli dag ösümligi.
9. Gymmat bahaly zatlar, şaý-sepleriň umumy ady.
10. Kiçi ýaşly çagalaryň oýnaýan çalt hereketli milli oýny.
11. Yrym edilip boýna dakylýan ýaşyl monjuk.
12. Tapawutly, üýtgeşik, beýlekilere garanda parhly.
13. Asyr geçdigiçe.
14. Bir işi etmek barada söz bermek, kasam etmek.
15. Ummanyň, deňziň, kölüň gury ýere süsňäp girýän öwrümi.
16. Bir zat barada, biri hakynda edilýän pikir, ünji.
17. Biçilen düýe.
18. Gaýnadylan tüwiniň üstüne gatyk, agaran guýlup iýilýän nahar.
19. Kamary aý atlarynyň türkmenlerde atlandyrylyşy boýunça birinji aýynyň ady.
20. Ýylmanak, tekiz, ýalpyldawuk
21. Başarnykly, zor.
22. Arka götermek, arka almak, arka bilen çekmek.
23. Ýokary derejeli, ýokary hilli.
24. Kelläň üstünden göwräňi aşyrmak, başaşak agdarylmak.
25. Iňrik garalan wagty, garaňky gatlyşan wagt.
26. Saza goşup ýa-da goşman owazly aýdylýan goşgy setirleri.
27. Göze düşýän ak menek.
28. Matematikanyň bitin we drob sanlary, şeýle-de dört amaly - goşmagy, aýyrmagy, köpeltmegi hem-de bölmegi öwrenýän bölümi.
29. Albaniýada ýaşaýan halk.
30. Gyzyl hem goňur suw otlaryndan alynýan şepbik, ýelim.

Bölümler