ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden kriptowalýutalara döwlet gözegçiligi barada karara gol çekdi. Ol federal ätiýaçlyk bankyna öz sanly walýutasyny ösdürmegiň mümkinçiligini göz öňünde tutmagy maslahat berdi. Maliýe ministri Janet Ýellen bu ädimleriň has adalatly, giň gerimli we netijeli maliýe ulgamyna goşant goşup, maliýe töwekgelçilikleriniň öňüni almaga kömek etjekdigini aýtdy. ABŞ-da geçirilen barlaglarda uly ýaşly amerikalylaryň, takmynan, 16%-iniň ýa-da 40 million adamyň kriptowalýuta maýa goýandygy belli bolupdyr. Baýdeniň kararyndan soň, «Bitkoin» we beýleki kriptowalýutalaryň bahasy ýokarlandy. «Coindesk»-iň maglumatlaryna görä, bitkoiniň bahasy 9,8% ýokarlanyp, 42,211 dollara ýetdi.