Awstraliýadaky Fisroý derýasynda krokodiller hem gabat gelýär. Muňa garamazdan, 2032-nji ýylda bu derýada Olimpiadanyň kanoede we baýdarkada küreklemek boýunça ýaryşlary geçirmek meýilleşdirilýär. Sebäbi bu derýa sport ýaryşlaryny guramak üçin örän amatly ýer hasaplanýar. Oýunlary utgaşdyrmak we infrastruktura boýunça garaşsyz edara bolan GIICA bu howply derýany zerur bolan ölçeglere laýyk diýen çözgüt çykardy. Derýanyň akýan hanasynda süýreniji haýwanlara birdenkä ýaryş gaýyklary agan ýagdaýynda ýaryşdaky türgenlere howp salmaz ýaly, berk gözegçilik ediler, diýip ýurduň Kwislend ştatynyň Premýer-ministri Dewid Krisafulli belleýär. Bu ýaryşy guraýjylar derýada krokodiliň bardygyna garamazdan biynjalyk bolmaýarlar.

Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.