Rok sazandasy Kurt Kobeýniň 1959-njy ýylda öndürilen we bahasy alty million dollara deň bolan akustik gitarasy Londondaky Korollyk saz kollejine sowgat berildi. Ady rowaýata öwrülen saz guraly 1993-nji ýylda «MTV Unplugged» şowunda görkezildi. “Nirvana» toparynyň lideri çepbekeý bolandygy sebäpli, gitara oňa niýetlenipdi.
Kobeýniň dul aýaly Kortni Lawyň aýtmagyna görä, bu sazandanyň 1994-nji ýylda aradan çykmazyndan öň çalan iň soňky gitarasy bolupdyr.
Sazanda aradan çykandan soň, gitara onuň gyzy Franses Bin Kobeýne geçdi. 2020-nji ýylyň tomsunda ol gitarany auksionda satdy we ony Awstraliýanyň auditehnologiýa kompaniýasynyň eýesi Piter Fridman satyn aldy. Ol bu täsin guraly Britaniýanyň bilim edarasyna sowgat bermek isleýär.
Gitara kollejiň kolleksiýasynyň bir bölegine öwrüler. Bu okuw mekdebinde şuňa meňzeş müňden gowrak eserler bar. Olaryň arasynda XVI asyryň başlarynda Alessandro Trasuntinanyň döreden klawesini, şeýle hem 1580-nji ýyllarda Lissabonda peýda bolan has irki senelenen gitara bar.
PDF









