16-18-nji iýunda paýtagtymyzda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda küşt boýunça halkara ýaryş geçirildi.

Küşt boýunça halkara ýaryşa Türkmenistandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky 129 türgen gatnaşdy. Aşgabatda üç günläp dowam eden halkara küşt ýaryşynyň dowamynda rapid we blitz görnüşleri boýunça oglanlaryň we gyzlaryň arasynda üç ýaş derejesinde, 12 medallar toplumy ugrunda ýaryşlar geçirildi. Rapid görnüşinde oýunçynyň her göçümine 10 sekunt goşmak bilen, 15 minut wagt berilýär. Küştüň çalt oýnalýan blitz görnüşinde bolsa her göçüme 2 sekunt wagt goşmak bilen, her oýna 3 minut wagt berilýär.
18-nji iýunda Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanynda halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.
Dabaranyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýaryşyň jemleri jemlenip, onuň ýeňijilerine medallaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýaryşa gatnaşan küştçüleriň görkezen oýunlary netijesinde olaryň toplan utuklary boýunça orunlar kesgitlenende, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş zehinli oglan-gyzlar aýratyn tapawutlanmagy başardylar.
Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda rapid görnüşi boýunça umumy medal hasabyndan belli bolşy ýaly, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş küştçüler 3 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç – jemi 10 medal gazanyp, birinji orna mynasyp boldular. Şeýle-de ikinji orna 2 altyn, 2 kümüş – jemi 4 medal bilen Özbegistan Respublikasynyň, üçünji orna 1 altyn, 1 bürünç – jemi 2 medal bilen Gazagystan Respublikasynyň türgenleri mynasyp boldular.
Şunda 8 ýaşly gyzjagazlaryň arasynda 8 utuk toplan özbegistanly Zarina Larina altyn, Türkmenistandan 7 utuk toplan Bägül Jumaýewa kümüş, Gazagystandan 6 utuk toplan Amira Alemanowa bürünç medal gazanmagy başardylar. 10 ýaşly gyzlaryň arasynda Türkmenistandan Läle Wepaýewa 8 utuk bilen altyn, Özbegistandan Zarina Nematjonowa 7 utuk bilen kümüş, Türkmenistandan Dünýä Ruslanowa 6,5 utuk bilen bürünç medala mynasyp boldular. 12 ýaşly gyzlaryň arasynda bolsa hemme baýrakly orunlar türkmen küştçüleriniň hasabyna ýazyldy. Hususan-da, 8 utuk toplan Dilber Hupbyýewa altyn, 7 utuk toplan Aýa Baýramowa kümüş, 6 utuk toplan Nurana Söýünowa bürünç medal gazandylar.
8 ýaşly oglanjyklaryň arasynda Türkmenistandan Çaryhekim Çaryýew 8 utuk toplap, altyn medalyň, Özbegistan Respublikasyndan Saýfutdin Erkinboýew 7,5 utuk toplap, kümüş medalyň, Täjigistan Respublikasyndan Murodali Saifiew 6 utuk toplap, bürünç medalyň eýeleri boldular.
10 ýaşly oglanlaryň arasynda baýrakly orunlar şeýle paýlaşyldy: Özbegistandan 8,5 utuk toplan Abdurahmon Rajabow altyn medal, şonça utuk bilen Türkmenistandan Maksat Awlüýäkulyýew kümüş medal, Eýrandan 6 utuk toplan Asgar Katir Saniar bürünç medal, 12 ýaşly oglanlaryň arasynda bolsa 8 utuk toplap, Gazagystan Respublikasyndan Nurassyl Primbetow altyn medal, Türkmenistandan Alyhan Batyrow hem-de Osman Hamrakulyýew, degişlilikde, 7,5 we 6 utuklary toplap, kümüş hem-de bürünç medallary gazandylar.
Halkara küşt ýaryşynyň blitz görnüşinde-de Türkmenistanyň küştçüleri birinji orny eýelediler. Ýaryşyň bu görnüşinde ýaş küştçülerimiz umumy medal hasabynda 4 altyn, 2 kümüş, 3 bürünç — jemi 9 medal gazanyp, bu oýunda zehin taýdan tapawutlanýandyklaryny subut etdiler. Blitz ýaryşynda ikinji orna 2 altyn we 1 kümüş medal gazanan Özbegistan Respublikasynyň, üçünji orna 3 kümüş we 2 bürünç medal gazanan Gazagystan Respublikasynyň küştçüleri mynasyp boldular.
Küşt ýaryşynyň blitz görnüşinde 8 ýaşly gyzjagazlaryň arasynda 7,5 utuk toplan türkmenistanly Anna Çaryýewa altyn, 7 utuk toplan özbegistanly Zarina Larina kümüş, 6,5 utuk toplan türkmenistanly Laçyn Isaýewa bürünç medal gazandylar. 10 ýaşly gyzlaryň arasynda bolsa hemme baýrakly orunlary Türkmenistanyň küştçüleri öz adyna ýazdyrmagy başardylar. Hususan-da, Dünýä Ruslanowa altyn, Läle Wepaýewa kümüş, Jumasoltan Muhammetberdiýewa bürünç medallary eýelediler. 12 ýaşly gyzlaryň arasynda Türkmenistandan Aýa Baýramowa altyn, Gazagystandan Alina Kairbekowa kümüş, Gyrgyzystandan Adelina Ramisowa bürünç medal gazanmagy başardylar.
8 ýaşly oglanlaryň arasynda birinji we ikinji orunlary, degişlilikde, ýaş türkmen küştçüleri Çaryhekim Çaryýew hem-de Isa Garlyýew paýlaşdy. Bürünç medala bolsa gazagystanly türgen Altair Omurzakow mynasyp boldy. 10 ýaşly oglanlaryň arasynda baýrakly orunlar şeýle paýlaşyldy: Özbegistandan Abdurahmon Rajabow altyn, Gazagystandan Alrami Mukaşew kümüş, Türkmenistandan Myrat Merdanow bürünç medala, 12 ýaşly oglanlaryň arasynda bolsa altyn medala Özbegistandan Islombek Husanow mynasyp boldy. Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, gazagystanly ýaş küştçüler Nurassyl Primbetow hem-de Nuras Amangeldy paýlaşdy.
Şeýlelikde, sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda rapid we blitz görnüşi boýunça umumy medal hasabynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş, 6 bürünç — jemi 19 medal gazanyp, birinji orny eýeledi. Ikinji orna 4 altyn, 3 kümüş medal gazanan Özbegistan Respublikasynyň ýaş küştçüleri mynasyp boldular. 1 altyn, 3 kümüş, 3 bürünç medal gazanmagy başaran Gazagystan Respublikasynyň türgenleri bolsa üçünji orundan paýly boldular.
Günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanynda halkara ýaryşa gatnaşyjylara we ýaş türgenlere Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.