1896-njy ýylyň 3-nji aprelinden bäri çap edilýän «La Gazzetta dello Sport» gündelik gazetiniň esasy aýratynlygy onuň özboluşly açyk gülgün reňkli kagyzy we futbola berýän uly ünsüdir. «Giro d’Italia» ýaly iri ýaryşlaryň guramaçysy bolan bu neşir häzirki wagtda dünýäniň 11 çaphanasynda 300 müňden gowrak nusgada çap edilýär. Milanda ýerleşýän redaksiýa sportuň ähli ugurlaryny, aýratyn-da «Inter» we «Milan» klublarynyň durmuşyny içgin beýan edýär.
PDF









