Ispaniýanyň çempionatynda 11-nji tapgyrda “Real Madrid” öz meýdançasynda “Walensiýanyň” derwezesinden jogapsyz 4 gol girizdi. Gollaryň 2-sini Mbappe, beýlekileri-de Bellingam bilen Karrera öz atlaryna ýazdyrdylar. 1-nji ýarymda Winisius Junior 11 metrlik jerime urgusyndan ýerlikli peýdalanyp bilmedi.
“Barselona” bolsa öz meýdançasynda “Elçeni” Ýamalyň, Torresiň hem-de Reşfordyň gollary esasynda 3-1 hasabynda utdy.

Madridiň “Atletikosy” “Metropolitanoda” “Sewilýa” bilen duşuşyp, garşydaşyny 3-0 hasabynda ýeňdi. Oýunda gollary Hulian Alwares (64 p), Almada (77) hem-de Grizmann (90) tapawutlandy.
“Wilýarrealyň” “Raýo Wallekanony” 4-0 hasap bilen ýeňen tapgyrynda “Betis” öz meýdançasynda “Malýorkanyň” derwezesinden jogapsyz 3 gol girizdi.
11-nji tapgyryň netijeleri:
Hetafe – Žirona: 2-1 (Martin 72, Maýoral 86 – Stuani 90+4 p),
Wilýarreal – R. Wallekano: 4-0 (Moreno 22, Moleýro 56, Komesaniýa 58, Aýose Peres 65),
Atletiko – Sewilýa: 3-0 (Alwares 64 p, Almada 77, Grizmann 90),
R. Sosiedad – Atletik: 3-2 (Mendes 38, Gedeş 47, Gorroçategi 90+2 – Guruseta 42, Nawarro 79),
Real Madrid – Walensiýa: 4-0 (Mbappe 19 p, 31, Bellingam 44, Karreras 82),
Lewante – Selta: 1-2 (Arriaga 66 – Mingesa 40, Roman 90+1),
Alawes – Espanýol: 2-1 (Suares 5, Boýe 40 – Fernandes 56),
Barselona – Elçe: 3-1 (Ýamal 9, Torres 11, Reşford 61 – Rafa Mir 42),
Betis – Malýorka: 3-0 (Antoni 10, 34, Ezzalzuli 37),
Owiedo – Osasuna (şu gije)
PDF









