Braziliýaly alymlaryň laboratoriýa şertlerinde ösdürip ýetişdiren merjen rifleriniň deňiz şertlerinde ýaşap biljekdigi anyklandy. Ummanlaryň suwunyň gyzmagy, hapalyk we kislotlaşmak merjen rifleriniň ýaşaýşyna oňaýsyz täsir edýär. Alymlar merjen riflerini has çalt ösdürdiler. Bu deňiz jandarlary tebigatdakylara görä, 3-5 esse çalt ösdi. Şeýle hem agarmaga we kesellere garşy has çydamly boldy. Emeli usulda ösdürilen rifler deňizdäki zaýalanan riflere oturdyldy. Braziliýanyň kenaryndaky ilkinji synaglar oňyn netije berdi. Oturdylan merjen rifleri balyklary we beýleki deňiz jandarlaryny özüne çekip, işjeň ekoulgamy döretdi. Şeýlelikde biodürlülik gaýtadan dikeldi we deňiz kenaryny güýçli tolkunlardan goramaga ýardam etdi.
Mähri Öwezowa, Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.