Wýetnamyň Milli Assambleýasy Lakaý-Hanoý-Haýfon demir ýol taslamasyna maýa goýumlaryny tassyklady. Bu barada Wýetnam habar gullugy habar berdi.
Wýetnam hökümetiniň teklibi bilen, takmynan, 390,9 km uzynlygyndaky esasy demir ýol we umumy uzynlygy takmynan 27,9 km bolan üç sany goşmaça ýol gurlar. Demir ýol ýedi welaýatdan we iki şäherden geçer: Laokaý, Ýenbaý, Futho, Winfuk, Hanoý, Baknin, Hyngýen, Haýzyong we Haýfon.