“аirBaltic” awiakompaniýasy şu ýylyň 30-njy iýunyna çenli maýadar tapmasa işini bes eder diýip, ýurduň maliýe ministrine salgylanýan ýerli habar beriş serişdeleri ýazýar. Respublikanyň milli howa gatnadyjysy eýýäm köp wagt bäri ýiti maliýe kynçylygyny başdan geçirýär.
Öň ýurduň Hökümeti kompaniýada paýy özleriniň litwaly we estoniýaly goňşularyna teklip etdi, emma olar ýüz öwürdiler diýlip, habarlarda bellenýär.
Jemi alnanda, “аirBaltic” awiakompaniýasy 2009-njy ýyldan bäri döwlete 620 million ýewro ýitgi getirdi.