LEGO Group kompaniýasy ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynyň Çesterfild okrugynda hususy Gün elektrostansiýasy bolan önümçilik toplumyny gurýar. Ägirt uly taslama 32 gektar meýdany eýeleýän Gün energiýa parkyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu ýerde 30 700-den gowrak paneliň gurulmagyna, olaryň 22 MWt çenli kuwwatlylygy üpjün etmegine garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde binalaryň üçeklerinde umumy kuwwaty 6,11 MWt bolan ýene 10 080 sany panel ýerleşdiriler. Netijede, daşarky energiýa çeşmelerinden bölekleýin ýüz döndüriler. Bu taslama 2022-nji ýylda tanyşdyrylypdy. Bahasy 1,5 milliard dollar bolan taslama 138 gektar meýdanda jemi 13 sany binany, şeýle hem önümçilik sehlerini we awtomatlaşdyrylan ammary özünde jemlär.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.