3-nji aprelde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gol çekmegi bilen meşhur ýazyjy Lew Tolstoýyň Swesiýada doglan çowlugy Daniil Tolstoý Russiýanyň raýatlygyny aldy. Resmi hukuk maglumatlary portalynda çap edilen bu permana laýyklykda, ýazyjynyň ogly Lew Lwowiçiň ugrundan gelýän nesli bolan Daniil Tolstoý bilen bir hatarda, kanadaly we fransiýaly beýleki taryhy şahsyýetleriň nesillerine hem Russiýanyň pasporty berildi. Daniil 1972-nji ýylda Swesiýada dünýä inip, onuň maşgalasy ol ýere 1917-nji ýylda göçüp gidipdir. «Ýasnaýa Polýana» muzeý goraghanasynyň wekilleriniň bellemegine görä, Daniil Tolstoý taryhy Watany bilen yzygiderli gatnaşyk saklap, her ýyl geçirilýän däp bolan “Tolstoýlaryň gurultaýyna” işjeň gatnaşýar.
Daniil Tolstoý diňe bir maşgala köklerine wepaly bolman, eýsem Russiýada işewürlik gatnaşyklaryny hem ösdürýär. Ol 2016-njy ýylda şwed kompaniýasynyň wekili hökmünde Tula sebitinde ekologik agrobiznes açmak boýunça gepleşikler geçirip, Wenýow raýonyndan 6 müň gektar ýer satyn alypdy. Muzeýiň direktory Ýekaterina Tolstaýanyň aýtmagyna görä, Daniil Russiýanyň tebigatyny we medeniýetini örän halaýar hem-de bu söýgini öz gyzy Nastýa hem geçiripdir. Bu raýatlyk bermek çäresi Russiýanyň 2012-nji ýyldan bäri alyp barýan syýasatynyň, ýagny rus dilini bilýän we kökleri 1917-nji ýylyň rewolýusiýasyndan öňki döwre uzaýan nesilleri ýurda çagyrmak maksatnamasynyň bir bölegidir.