1991-nji ýylyň 9-njy fewralynda Litwada Sowet Soýuzyndan garaşsyzlyk üçin sala salşyk geçirildi. Baltikanyň kenaryndaky ýurt şondan 11 aý ozal, 1990-njy ýylyň 11-nji martynda garaşsyzlygyny yglan edipdi. Referenduma gatnaşanlaryň 93 göterimi oňyn ses berdi. Ýurduň garaşsyzlygy BIrleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1991-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda gaýtadan ykrar edildi. 6-njy sentýabrda bolsa, Sowet Soýuzy tarapyndan tassyklandy.