Angliýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi oýnunda “Liwerpul” myhmançylykda “Mançester Sitiden” 3-0 hasabynda asgyn geldi. Duşuşygyň gollaryny 13-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedik Holann (29), Niko (45+3) hem-de Doku (63) geçirdi. Bu ýeňlişden soň “Liwerpul” 8-nji orna düşen “Liwerpul” kem-kemden çempionlykdan daşlaşyp barýar. Bu duşuşyk Pep Guardiolanyň tälimçilik karýerasyndaky 1000-nji duşuşygy bolup, 716-njy ýeňşini gazandy.
Sanawyň lideri “Arsenal” myhmançylykda “Sanderland” bilen duşuşyp, soňky minutlary ýeňşi elden giderdi. 36-njy minutda Ballardyň geçiren goly “Arsenalyň” 8 oýundan soň, 750 minutdan soň geçirden ilkinji goly boldy. Muňa garamazdan “Arsenal” Saka hem-de Trossaryň gollary bilen 2-1 hasabynda öňe geçse-de, 90+4-nji minutda Brobbiniň goly esasynda ýeňşi elden giderdi. Şunlukda, “Arsenalyň” 11 oýunlap (soňky 8-si gol geçirtmezden) dowam eden ýeňişli ýörişi tamamlandy.
Londonda “Tottenham” bilen “Mançester Ýunaýtediň” arasyndaky duşuşyk hem çekeleşikli geçip, 90-njy minutdan soň 2 gol derwezä girdi. 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanan oýunda ýer eýelerinden Tel (84) bilen Rişarlison (90+1), myhmanlardan Mbeumo (32) bilen De Ligt (90+6) tapawutlandy.
“Çelsi” öz meýdançasydna entek ýeňiş gazanyp görmedik “Wulwerhemptony” 3-0 hasabynda utdy.
11-nji tapgyryň netijeleri:
Tottenham – Mançester Ýunaýted: 2-2 (Tel 84, Rişarlison 90+1 – Mbeumo 32, De Ligt 90+6),
West Ham – Börnli: 3-2 (Wilson 44, Souçek 77, Woker-Piters 87 – Flemming 35, Kallen 90+7),
Ewerton – Fulham: 2-0 (Geýe 45+4, Kin 81),
Sanderland – Arsenal: 2-2 (Ballard 36, Brobbi 90+4 – Saka 54, Trossar 74),
Çelsi – Wulwerhempton: 3-0 (Gusto 51, Žoao Pedro 65, Pedro Netu 73),
Aston Willa – Bornmut: 4-0 (Buendia 28, Onana 40, Barkli 77, Malen 83),
Brentford – Nýukasl: 3-1 (Şade 56, Tiago 78 p, 90+6 – Barns 27),
Nottingam Forest – Lids: 3-1 (Sangare 15, Gibbs-Waýt 68, Anderson 90+1 p – Nmeça 13),
Mançester Siti – Liwerpul: 3-0 (Holann 29, Niko 45+3, Doku 63)
PDF









