Transfer möwsüminiň iň işjeň, şol bir wagtyň özünde-de iň köp pul harçlaýan kluby “Liwerpul” ýene uly mukdardaky töleg bilen futbolçy transfer etdi. Iňlis kluby “Bundesliganyň” wekili “Aýntrahtyň” fransuz hüjümçisi Hugo Ekitikeni 95 million ýewro berip (80+15), düzümine goşdy. “Liwerpul” topary 23 ýaşyndaky futbolçy bilen 6 ýyllyk şertnama gol çekişdi. “Aýntrahtyň” transfere ugradan iň gymmat futbolçysy bolan Ekitike “Liwerpulyň” şu tomusda düzümine goşan 7-nji oýunçysy boldy. “Reýmsde” futbola başlan Ekitike Daniýanyň “Waýle”, Fransiýanyň PSŽ klublarynda-da çykyş etdi. Ol şu wagta çenli klublarda 151 oýunda 50 gezek tapawutlandy.