Angliýanyň “Premier Ligasynda” 19-njy tapgyryň duşuşyklarynyň 6-sy 30-njy dekabrda oýnalypdy. Galan 4-si bolsa täze ýylyň ilkinji agşamynda geçirildi. Täze ýylyň ilkinji agşamynda geçirilen 4 oýunda-da ýeňiş gazanan bolman, hatda olaryň 3-sinde hasap hem açylmady. Umumylykda 19-njy tapgyryň 10 duşuşygynyň 7-si deňlikde tamamlanyp, “Arsenal” 2-nji ýerdäki “Mançester Sitiden” 4 utuk öňe saýlandy.

“Mançester Siti” myhmançylykda “Sanderland” bilen, “Liwerpul” öz meýdançasynda “Lids” bilen golsuz deňme-deň oýnady. “Tottenham” hem London derbisinde “Brentfordyň” myhmany bolup, oýunda hasap açylmady. Başga bir London derbisinde “Kristal Palas” bilen “Fulham” 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. Matetanyň 39-njy minutdaky goluna myhmanlardan Kerni 80-nji minutda jogap berdi.

30-njy dekabrda oýnalan duşuşyklarda-da 3 oýunda deňlikde gutarypdy. “Çelsi” bilen “Bornmut” 2-2, “Mançester Ýunaýted” bilen “Wulwerhempton” 1-1, “West Ham” bilenem “Braýton” 2-2 hasabynda deňlikde oýnapdy.

Bu tapgyrda diňe 3 oýunda ýeňiş gazanan bolup, “Nýukasl” myhmançylykda “Börnlini” 3-1, “Ewerton” hem myhmançylykda “Nottingam Foresti”, şol sanda “Arsenal” öz meýdançasynda “Aston Willany” 4-1 hasabynda ýeňipdi.

 

19-njy tapgyryň netijeleri:

Börnli – Nýukasl: 1-3

West Ham – Braýton: 2-2

N. Forest – Ewerton: 0-2

Çelsi – Bornmut: 2-2

Arsenal – A. Willa: 4-1

M. Ýunaýted – Wulwerhempton: 1-1

K. Palas – Fulham: 1-1

Liwerpul – Lids: 0-0

Brentford – Tottenham: 0-0

Sanderland – Man. Siti: 0-0