Möwsümiň başynda ýaryşyň iň esasy faworitleriniň hatarynda görkezilen “Liwerpuldaky” şowsuzlyklar dowam edýär. Öz meýdançasynda PSW toparyndan 4 gol geçirden iňlis kluby umumylykda soňky 12 duşuşygynda 9-njy gezek ýeňlişe sezewar boldy. Duşuşykda uly hasaply ýeňiş gazanan eýndhowenlileriň gollaryny 6-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Iwan Perişiç, 56-njy minutda Guus Til hem-de 73-nji we 90+1-nji minutlarda Kouhaib Drioş derwezä girizdi. “Liwerpul” toparynyň ýeke-täk goluny bolsa 16-njy minutda Soboslai öz adyna ýazdyrdy. “Liwerpul soňky 72 ýylda ilkinji gezek yzly-yzyna 3 oýunda uly hasaply (3 gol aratapawudy bilen) netijeler bilen asgyn geldi.

Italiýanyň “Atalanta” topary myhmançylykda Germaniýanyň “Aýntraht” topary bilen duşuşyp, Frankfurtdan 3 golly ýeňiş bilen dolandy. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýunda italýan topary 5 minutda 3 goly garşydaşynyň derwezesinden girizdi. Gollary 60-njy minutda Lukman, 62-nji minutda onuň pasy bilen Ederson hem-de 65-nji minutda De Ketelare öz atlaryna ýazdyrdylar.