“Arsenal” topary oktýabr aýynda gol geçirtmezden ähli duşuşygynda ýeňiş gazanan bolsa, çempion “Liwerpul” üçin oktýabr aýy şol statistikanyň tersine diýseň şowsuz ýagdaýda geçdi. Soňky 7 duşuşygyň 6-synda utulan “Liwerpulyň” şowsuzlygy çempionatdaky “Kristal Palas” duşuşygy bilen başlap, olar soňky oýnunda hem “Kristal Palasdan” asgyn gelip, Liga Kubogy ýaryşyndan çykdy. Käbirleri klubda krizisiň bardygyny aýtsa-da, käbir bilermenler entek ýagdaýyň krizise öwrülmändigini belleýärler.
“Liwerpul” topary çempionatda 4 duşuşykda – “Kristal Palasdan” 2-1, soňra “Çelsiden” 2-1, öz meýdançasynda 9,5 ýyldan soň “Mançester Ýunaýtedden” 2-1, myhmançylykda “Brentforddan” 3-2, Çempionlar Ligasynda myhmançylykda “Galatasaraýdan” 1-0 asgyn geldi. Çempionlar Ligasynda “Aýntrahty” 5-1 hasabynda ýeňip, janköýerleri az-owlak umytlandyrsa-da, ondan soň 2 duşuşykda ýeňlip, ýene gynandyrdy.
Soňky duşuşygynda-da Liga Kubogynyň 1/8 finalynda öz meýdançasynda “Kristal Palasdan” 3-0 utulyp, ýaryşdan çykdy. Bu olaryň awgustdan bäri “Kristal Palasdan” 3-nji ýeňlişi hökmünde hasaba alyndy. Şunlukda, “Liwerpul” ýerli ýaryşlarda bassyr 5-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Topar soňky sapar 1953-nji ýylda Angliýanyň çäginde geçirilýän ýaryşlarda 1953-nji ýylda yzly-yzyna 5 duşuşykda ýeňlipdi. Don Welşiň tälimçiligindäki “Liwerpul” şo möwsümiň soňuna-da aşaky liga düşüpdi.
PDF









