Düýn, Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Liwiýa Döwletiniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň guramagynda Liwiýanyň medeniýet günleri badalga aldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde geçirilýän çärä ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan kuwwatly we çalt ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde tanalýan Liwiýa döwletiniň milli medeni mirasyny öwrenmek hem-de halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen Liwiýanyň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli sergi guraldy. Sergide yslam medeniýetiniň taryhy sungaty arap hat ýazuwy (kolligrafiýasy) we Liwiýanyň milli lybaslary, türkmen alymlarynyň arap dilinde ýazan çeper eserleri, şeýle-de Liwiýanyň milli süýjülik tagamlary görkezildi. Mundan başga-da, Liwiýanyň milli däp-dessurlarynyň, medeniýetiniň baýlygyny hem-de taryhy bilen tanyşdyrýan fotosuratlar ýerleşdirildi.
Çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasarynyň we Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky ilçisiniň açylyş sözleri bilen başlady. Taraplar Türkmenistan bilen Liwiýanyň arasyndaky bu medeni alyş-çalyş çäresiniň iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň berkemegine has-da ýardam berjekdigini bellediler. Şeýle-de Ilçi çäräni ýokary guramaçylykly geçirmekde döreden mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz minnetdarlygyny bildirdi.
Açylyşyň dabaranyň dowamynda Liwiýanyň medeniýeti, milli mirasy, tebigaty bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Soňra Liwiýanyň milli lybaslarynyň görkezilişi boldy. Olar Al Holi Al Bodri, Al Badla Al Kabira (Uly Badla), Al Badla Al Sagira (Kiçi Badla), Altyn zolakly goýy gök lybas, Altyn çyzykly goňur lybas, Al-Abruk, Altyn çaýylan gök lybas, Altyn çaýylan gara lybas we Gara ýüň lybasy ýaly liwiýaly zenanlarynyň toý-dabaralardyr däp-dessurlar ýerine ýetirilende we gündelik durmuşda geýýän lybaslarydyr.
Liwiýa Döwletiniň medeniýet günleriniň çäginde «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahat geçiriler. Şeýle hem 3-nji maýda liwiýaly we türkmen aýdym-saz ussatlarynyň bilelikdäki konsertinde medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy bolar.
«ZamanTürkmsnistan»