26-njy sentýabrda Londonda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre we sergi geçirildi.
Baýramçylyk çäresine Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, London şäherinde ýaşaýan türkmen raýatlary, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Beýik Britaniýadaky bölümi bolan «Galkynyş» adyndaky birleşiginiň agzalary, şeýle-de Ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ilçisi Ý.Serýaýew öz çykyşynda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan uly üstünlikler, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň alyp barýan oýlanyşykly hem-de üstünlikli içeri we daşary syýasaty, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek wekilçilikli halkara forumy, şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda geçirilýän wajyp halkara çäreleri barada maglumatlary ýetirdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna we ýurdumyzyň häzirki üstünliklerine bagyşlanan kitap sergisi, şeýle hem ýurdumyzyň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän fotosergi guraldy. Myhmanlara Türkmenistanyň ösüşine bagyşlanan wideofilm görkezildi. Şeýle-de milli dutar saz guralynda türkmen halk aýdymlary ýerine ýetirilip, uly şowhun bilen garşylandy.