“Tottenham” toparynyň uelsli hüjümçisi Brennan Jonson karýerasyny Londonyň başga bir toparynda dowam etdirer. Ol “Kristal Palasyň” düzümine geçip, täze topary bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. “Kristal Palas” 24 ýaşyndaky hüjümçiniň transferi üçin “Tottenhama” 35 million funt sterling tölär. 11-nji belgili köýnekçäni geýýän Jonson eýýäm täze toparynda 2 duşuşykda meýdança çykdy. Brennan Jonson  2023-nji ýylyň tomsunda “Nottingam Forestden” “Tottenhama” transfer bolupdy. Ol Demirgazyk londonlylaryň düzüminde 107 oýunda 27 gol geçirdi.