Ynsanyň iň uly baýlygy saglygydyr. Şonuň üçin hem saglygymyzy goramalydyrys.
Köpetdaga ilkinji garyň ýagmagy gözel ülkämize gyş paslynyň gelendiginiň alamaty boldy. Bu pasly sagdyn geçirmek üçin siziň dykgatyňyza birnäçe maslahaty ýetirmegi makul bildik.
Bilşimiz ýaly, gyş pasly garly, ygally möwsümdir. Bu döwürde ýyly geýinmeli. Şeýle-de çyg eşikleri geýmekden saklanmaly. Çünki çyg geýlen egin-eşikler birnäçe keseliň döremegine sebäp bolýar. Egin-eşikler bedeni gysyp durmaly däl. Bedeniň dem almagy üçin rahat eginbaşlary saýlamaly. Gysýan aýakgaplary hem geýmeli däl. Sebäbi şeýle aýakgaplar gan aýlanyşynyň kadasyny bozýar.
Gyş paslynda burnuňdan dem almaly. Sebäbi burun geçelgelerinden geçýän howa bokurdaga barýança gyzýar, bu bolsa bokurdakda döräp biljek keselleriň öňüni alýar.
Gyş paslynda immunitetiň güýçli bolmagy zerurdyr. Şonuň üçin hem dogry iýmitlenmeli, wagtly-wagtynda ukyňy almaly. Bu möwsümde miweli içgileri köp içmek maslahat berilýär.
Gyşyň sowuk howasy bedenimizde deňagramsyzlygy döredýär, şonuň üçin hem gyzgyn içgileri içmek has peýdalydyr.
Şeker Çaryýewa,
Aşgabat şäheriniň 3-nji saglyk öýüniň baş lukmany.
PDF









