Lukmanlar tomus paslynda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagy, möwsüme görä geýinmegi, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmegi maslahat berýärler. Ylaýta-da, gök önümler we miweler iýlende hökman ýuwmaly. Zaýalanan iýmit önümlerini iýmekden saklanmaly. Gök önümleri we miweleri, süýt önümlerini çig etiň ýanynda saklamaly däl-de, ýapyk syrçaly ýa-da plastik gaplarda sowadyjyda saklamaly. Arassaçylyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmeli. Nahar diňe bir gezek iýmek üçin bişirilmeli we nahar taýýarlananda arassaçylyk kadalary doly berjaý edilmeli. Nahar iýmezden öň we daşardan gelenden soň eliňi sabynlap ýuwmaly, dyrnaklary wagtynda almaly. Öýe siňegiň girmeginiň we iýmit önümleriniň üstüne gonup hapalamagynyň öňüni almak üçin penjirelere tor dakmaly. Ýokanç keselleriň öňüni almakda, ylaýta-da tomus möwsüminiň gelmegi bilen ýiti içege keselleriniň öňüni almak üçin arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň, kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmegiň, maşklary ýerine ýetirmegiň, zyýanly endiklerden daşda durmagyň we şuňa meňzeş birnäçe keseliň öňüni alyş çärelerini alyp barmak zerurdyr.
Eziz ildeşler, tomusda arassaçylyk kadalary lukmanlaryň maslahat berşi ýaly doly we dogry berjaý edilse, sagdyn bolup bilersiňiz. Her birimiz özümiziň saglygymyza jogapkärli seredip, keselleriň öňüni almaga, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmäge üns bersek, saglygymyzyň ýokary derejede bolmagyny gazanarys.
Gülbahar Şihmyradowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti.