18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýe bolan strategik taýdan möhüm merkez hasaplanylýan Hazar sebiti ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Bularyň ählisi şu ýerde hukuk kadalaryna, özara hormat goýmaga hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almaga esaslanýan ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurlygyny şertlendirýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakynda golaýda gol çekilen Ähtnamanyň ähmiýeti nygtaldy.

Şundan ugur alyp, biz “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini goldaýarys hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Öz nobatynda, “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow diňe bir Hazar deňziniň däl-de, eýsem, Baltika deňziniň ýalpaklygynda hem “Lukoýlyň” uly iş tejribesiniň bardygyny belläp, milli Liderimize bildirýän uly ynamy üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň “Dostluk” atly möhüm ähmiýetli taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ilkinji nobatda, munuň özi işiň takyklygyna we netijeliligine hem-de ekologiýa ugruna degişlidir. Biz Hazaryň uly üns berilmeli ulgamdygyny bilýäris, şoňa görä-de, ykdysady nukdaýnazardan öňdebaryjy we maksada laýyk tehnologiýalar doly ulanylar diýip, işewür aýtdy.