Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa geljek ýyl döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna dalaşgär boljakdygyny mälim etdi.
-Meniň 80 ýaşym dolýar, ýöne meniň 30 ýaşymdaky ýaly energiýam bar. Men dördünji Prezidentlik möhletine dalaşgärlik etmekçi” diýip, ol Indoneziýa döwlet sapary mahalynda aýtdy.
Braziliýada Prezident saýlawlary 2026-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Wise-prezident, Kongresiň agzalary we gubernatorlar hem saýlanar.
PDF









