Madagaskaryň geçiş döwri üçin Prezidenti Mikael Randrianirina Mamitianu Radzaunarisony ýurduň Premýer-ministri wezipesine belledi.
Täze Hökümet başlygy 10-njy martda Ministrler Kabineti bilen bilelikde iş başyndan boşadylan Herinsalamu Radzaunariweluny wezipede çalyşdy.
Radzaunarison öň Madagaskaryň Maliýe aňtawy edarasyna ýolbaşçylyk etdi. Ol ýurtda 2025-nji ýylyň oktýabrynda Hökümet çalşylandan soňra ikinji Premýer-ministr boldy.
PDF









