1521-nji ýylyň 6-njy martynda Magellanyň ekspedisiýasy Ýuwaş ummanyň günbatar böleginde Filippinleriň günortasyndaky üç adany ýüze çykardy.
Fernan Magellan dünýäniň daş-töweregine ilkinji syýahatyny amala aşyran portugal we ispan deňizçisidir. Ol Atlantik ummanyndan Ýuwaş ummanyna syýahat eden ilkinji ýewropaly boldy.
Magellanyň dünýäniň daş-töweregine ekspedisiýasy – Magellanyň ýolbaşçylygyndaky 265 adamly bäş gämiden ybarat flotiliýa – 1519-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda Atlantik ummanynda “Günorta deňzine” günorta-günbatar bogazyny gözlemek maksady bilen Sanlukar-de-Barrameda portundan ugrady.
Iki aýdan soň gämiler Braziliýanyň kenaryna baryp, Amerika yklymynyň ýakasy bilen günorta tarap ugrady. 1520-nji ýylyň martynda olar San-Hulian aýlagynda sägindiler. Bu ýerde Magellan, Ispaniýa dolanmagy talap eden ekspedisiýanyň käbir agzalarynyň gozgalaňyny basyp ýatyrmagy başardy.
1520-nji ýylyň sentýabr aýynda ekspedisiýa ummana çykyp, günorta tarap ugrady. 1520-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda olar açyjynyň adyny göterýän Magellan bogazyna ýetdiler.
1521-nji ýylyň 6-njy martynda Magellanyň ekspedisiýasy Ýuwaş ummanyň günbatar böleginde Filippinleriň günortasyndaky üç adany ýüze çykardy. Bu adalaryň birinden ýerli gara tenli onlarça gaýyk portugallara tarap okdurylyp, olaryň gämilerini talaýar.
1688-nji ýylda bu adalar ispanlaryň düzümine girýär. Ispaniýanyň Koroly Çarlz II-iň ejesiniň hormatyna adalar Mariana adalary diýlip atlandyrylýar.
Häzirki wagtda Mariana adalary 15 sany uly we birnäçe kiçi adalary we rifleri öz içine alýar. Adalaryň umumy meýdany takmynan 1018 kilometre² deň bolup, 200 müňden gowrak ilaty bar.