Her tä­ze ýy­la hoş ha­bar bi­len ga­dam bas­ma­gyň özi şol ýy­lyň buý­sanç­ly wa­ka­la­ra, şan­ly se­ne­le­re baý bol­jak­dy­gy­nyň ny­şa­ny. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ta­mam­la­nyp bar­ýan gün­le­rin­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Mag­tym­gu­ly – dün­ýä­niň akyl­da­ry» at­ly ese­ri­niň eli­mi­ze go­wuş­ma­gy hem tä­ze – 2025-nji ýy­lyň şan­ly se­ne­le­re, aja­ýyp wa­ka­la­ra bes­len­jek­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­dy. Bu aja­ýyp eser Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň hal­ka­ra de­re­je­de ulu­dan bel­le­ni­len ýy­ly­nyň şow­ly jem­len­me­si bo­lup kal­by­my­za or­na­dy. Çün­ki hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dö­wet ga­la­myn­dan, ýi­ti ze­hi­nin­den çy­kan bu ki­tap di­ňe bir be­ýik söz us­sa­dy­nyň çe­per dö­re­di­ji­li­gi­niň, ma­ny­ly öm­rü­niň be­ýa­ny bol­man, eý­sem, ta­ry­hy ýy­lyň şan­ly wa­ka­la­ry­ny hem öz içi­ne alan gym­mat­ly ha­zy­na çeş­me­si­dir. Hormatly Prezidentimiziň Mag­tym­gu­ly ata­my­za we onuň baý ede­bi mi­ra­sy­na goý­ýan çuň­ňur hor­mat-sar­pa­sy, da­na akyl­da­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ni giň­den öw­ren­mek­de, dün­ýä ýaý­mak­da, gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek­de alyp bar­ýan bi­möç­ber iş­le­ri uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Mag­tym­gu­ly – dün­ýä­niň akyl­da­ry» at­ly ese­ri şa­hy­ryň ag­zy­bir­lik, pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni aý­dyň­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len aja­ýyp gol­lan­ma­dyr. Geç­mi­şiň sa­pak­la­ry­na üns be­ril­me­li­di­gi ba­ra­da­ky pi­kir ki­tap­da: «Hut şo­ňa gö­rä-de bi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sat­da­ky «Ösüş ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­lyk», «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» ýö­rel­ge­le­ri­miz hem geç­miş­den sa­pak alyp, şu gü­nüň ra­hat­ly­gy­ny, gel­je­giň aý­dyň­ly­gy­ny ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Bi­ziň çuň­ňur yn­san­per­wer­li­ge, dost­lu­ga, ag­zy­bir­li­ge, yna­nyş­ma­ga esas­lan­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň öze­nin­den bol­sa mil­li akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň öwüt-ün­dew­le­ri­niň eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýän­di­gi­ni tu­ruw­baş­dan bel­le­mek ge­rek» diý­lip gi­ňiş­le­ýin dü­şün­di­ril­ýär. Şo­nuň üçin hem tä­ze ki­ta­byň bir bö­lü­mi­niň ady «Pa­ra­hat­çy­ly­gyň şa­hy­ry» diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr.
Be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Türk­me­niň» we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly goş­gu­la­ry bi­len baş­lan­ýan ki­tap se­kiz bö­lüm­den yba­rat bo­lup, on­da da­na Py­ra­gy­nyň öm­rü­ne we dö­re­di­ji­li­gi­ne, baý ede­bi mi­ra­sy­na ba­gyş­la­nan gym­mat­ly mag­lu­mat­lar ge­ti­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aja­ýyp ese­rin­de bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Mag­tym­gu­ly hak­da söz­le­mek ýa­şa­ýyş hak­da söz­le­mek­dir.
Bu aja­ýyp eser­de hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­syn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eýe­le­ýän my­na­syp or­ny giň­den açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aý­dy­şy ýa­ly, as­lyn­da, her bir türk­men mag­tym­gu­ly­şy­nas­dyr. Her bir türk­men öm­rü­niň do­wa­myn­da Mag­tym­gu­la dü­şün­mä­ge ça­lyş­ýar. Mag­tym­gu­ly­nyň söz­le­ri, öwüt-ün­dew­le­ri bi­len ýa­şa­ýar.
«Mag­tym­gu­ly bir um­man­dyr, düý­bü­ne çüm­me­seň, onuň dür­le­ri­ni çöp­läp bil­mer­siň. Mag­tym­gu­ly bir as­man­dyr, ýyl­dyz bo­lup beý­gel­me­seň, onuň be­lent­li­gi­ne göz ýe­ti­rip bil­mer­siň. Mag­tym­gu­ly bir yn­san­dyr, be­ýik hä­si­ýet­le­re eýe bol­ma­saň, onuň kä­mil­li­gi­ne akyl ýe­tir­mek müm­kin däl­dir. Mag­tym­gu­ly bir yh­san­dyr, onuň adam­zat üçin reh­met­di­gi­ni duý­ma­ýan adam paý­has­ly sö­züň nyg­mat­dy­gy­na hem dü­şün­ýän däl­dir». Şeý­le diý­mek bi­len döw­let Baştutanymyz be­ýik fi­lo­sof, akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga dü­şün­mek üçin onuň be­lent joş­gu­na, çuň yl­ha­ma ýug­ru­lan şy­gyr­la­ry, umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len pi­kir-ga­ra­ýyş­la­ry, ide­ýa­la­ry bi­len yzy­gi­der­li ta­nyş­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­ýär. Bu pa­ra­sat­ly pi­kir­ler di­ňe bir türk­men alym­la­ry­ny däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt­ly alym­la­ry­ hem köp­den bä­ri gy­zyk­lan­dy­ryp gel­ýär. Da­na Py­ra­gy­nyň tu­tuş adam­za­dy ag­zy­bir­li­ge, pa­ra­hat­çy­ly­ga, dost-do­gan­ly­ga ça­gyr­ýan şy­gyr­la­ry yn­san kal­by­nyň öç­me­jek nu­ry bo­lup, älem-ja­ha­ny ýag­ty­lan­dyr­ýar.

Nur­ja­han Beg­şa­do­wa,
Ak bug­daý et­ra­byn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len 8-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.