Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 1-3-nji aprel aralygynda üç günlük sapar bilen Ýaponiýada bolýar. Saparyň dowamynda ol Fransiýanyň Daşary işler we Goranmak ministrleri bilen hem duşuşar.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrony Tokioda kabul etdi. Gepleşikleriň gün tertibinde Ýakyn Gündogardaky wakalar, howpsuzlyk meseleleri we kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýaly temalar bar. Bu barada “France 24” neşiri habar berýär.
Makron Fransiýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň “taryhy” ähmiýetine ýokary baha berdi. Üç günlük saparyň çäginde Makron ýurduň işewürler dünýäsiniň wekilleri bilen hem duşuşdy. Şeýle hem, onuň Ýaponiýanyň imperatory Naruhito bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Makronyň ýanynda Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Noel Barro we goranmak ministri Katrin Wotren bar. Olar ýapon kärdeşleri bilen Ýakyn Gündogardaky wakalary we ikitaraplaýyn başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda goranmak ulgamynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklara gol çekildi we ýakyn gatnaşyklary saklamagyň möhümdigi nygtaldy.