Amerikaly işewür Ilon Mask neýrotehnologiýalaryň ösüşinde täze döwrüň başlanýandygyny mälim etdi. 2026-njy ýylda beýni implantlarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlanar, olary oturtmak amalyýeti bolsa doly awtomatlaşdyrylar. Işewür bu baradaky beýanaty özüniň jemgyýetçilik torunda mälim etdi.
Berilýän maglumatlara görä, esasy tehnologik öňegidişlik enjamy beýniniň gaty bardasyny aýyrmazdan oturtmak usuly bolar. Bu bolsa hirurgiki töwekgelçilikleri ep-esli azaldar. Bu işläp taýýarlanylan enjam, ilkinji nobatda, ysmazlygyň agyr görnüşlerinden ejir çekýän we oňurga ýiliginden şikes alan näsaglara kömek etmek üçin niýetlenendir.
Häzirki wagta çenli eýýäm 12 adam bu implanty goýdurdy. Olar elektron enjamlary dolandyrmak, onlaýn oýunlary oýnamak we internete girmek üçin “beýni-kompýuter” interfeýsini üstünlikli ulanýarlar. Bu enjam oturdylan ilkinji näsag, betbagtçylykly waka sebäpli ysmaz bolan 29 ýaşly Noland Arbo boldy. Ol operasiýadan bary-ýogy birnäçe hepde geçensoň, öz pikiri bilen küşt oýnap, sekiz sagatlyk göni ýaýlym (strim) geçirdi.
PDF









