Amerikaly işewür Ilon Mask ýolbaşçylyk edýän “SpaceX” kompaniýasynyň golaý onýyllyklarda Aýda hem-de Marsda şäherleri gurjakdygyny aýtdy. Milliarder ýene on ýyla golaý döwürden Aýyň üstünde şäherleriň gurluşygyna girişiljekdigine ynanýar.
Mysal üçin, ol bäş-alty ýyldan Marsda şäher gurmaga başlamakçy. “Emma ony gurup tamamlamak üçin 20 ýyldan hem kän wagt gerek bolar” diýip, Mask sosial torda ýazdy. Onuň ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň maksatnamalaryna laýyklykda, Marsa alty aýda, Aýa bolsa bary-ýogy iki günde baryp bolar.
Marsa we Aýa kosmos gämilerini her on günden uçuryp bolar diýip, Mask ynanýar.