Amerikaly işewür Ilon Mask taryhda baýlygy 700 milliard dollardan geçen ilkinji adam boldy. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berdi.
Neşiriň belleýşi ýaly, Delawer Ýokary kazyeýti Maskyň häzirki bahasy 139 milliard dollara deň bolan Tesla aksiýa opsiýalaryny ýatyran aşaky kararyny kararyny ýatyrandan soň, Maskyň baýlygy hasam ýokarlandy. “Forbes” žurnalynyň maglumatlaryna görä, bu karara garşy üstünlikli şikaýat edilenden soň, Maskyň baýlygy rekord derejede 749 milliard dollara ýetdi” diýip, žurnal ýazýar.
“Forbes” ozal “SpaceX” kosmos kompaniýasynyň 800 milliard dollara bahalandyrylan açyk teklip yglan edeninden soň, Maskyň baýlygy 600 milliard dollardan geçen ilkinji adamdygyny yglan etdi.
PDF









