Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde ýurdumyz täze üstünliklere beslenýär. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ösüşini şöhlelendirýän täze, iri möçberli meýilnamalar, giň möçberli, innowasion ösüşlere gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň fewral aýynda Prezident Maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklady. Bu resminama laýyklykda, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, senagat we önümçilik desgalarynyň gurluşyklary işjeň alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Munda ýurdumyzyň çäginde we daşynda geçirilýän halkara maslahatlardyr forumlaryň hem ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli geçirilip gelinýän Türkmenistanyň Maýa goýum forumy halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugruna öwrüldi. 18–19-njy sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň Maýa goýum forumy tutuş Merkezi Aziýa üçin ähmiýetli waka boldy. Ählumumy özgertmeler döwründe Türkmenistan, halkara hyzmatdaşlaryna maýa goýumlar hem-de özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döredip, ynamly gadam urýar. «Milli mümkinçilikler, ählumumy hyzmatdaşlyklar» şygary astynda geçirilýän forum ýurduň ykdysadyýetini has durnukly, döwrebap we maýa goýumlar üçin açyk etmekligi ara alyp maslahatlaşmak üçin işewürligiň, häkimiýetiň we bilermen jemgyýetiniň wekillerini birleşdirdi.
Foruma wekiliýetleriň 800-den gowrak agzasy gatnaşýar. Olaryň arasynda ministrler, köpmilletli korporasiýalaryň ýolbaşçylary, maýa goýum banklarynyň ýolbaşçylary we tejribeli ylmy-gözlegçiler bar.
Awazadaky sessiýalarda 90-dan gowrak halkara bilermen tarapyndan çykyşlar diňleniler. Ara alyp maslahatlaşmalar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk we senagat, ulag we logistika, howa şertlerine çydamly oba hojalygy, sanly we «ýaşyl» özgertmeler ýaly esasy ugurlarda strategik maýa goýum mümkinçiliklerine gönükdiriler. Goşmaça sessiýalarda täze söwda bazarlaryna çykmak, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, howanyň üýtgemegi we ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek boýunça strategik ugurlara garalar. Bu çäre 50 resmi hemaýatçy we hyzmatdaş tarapyndan goldanylýar. Bu bolsa foruma bolan halkara derejedäki uly gyzyklanmany görkezýär.
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralýar. «Türkmen Kongres» ýardamçy guramaçy hökmünde çykyş edýär. Umuman, bu forum göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çalt çekmek baradaky tekliplere garamak we sebitleýin taslamalary goşmak bilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini öwrenmek maksady bilen geçirilýär. Forumyň esasy maksady, ýurduň eksport mümkinçiligini artdyrmaga, ýurdumyzyň we daşary ýurtly maýadarlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir, sanly ulgamyň ösüşine we sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän giňişlikdir.
Türkmenistan diňe bir sebit gatnaşyklaryny we maýa goýum mümkinçiliklerini ösdürmekden başga-da, milli strategiýalary hemmelere degişli ösüş, durnuklylyk we umumy abadançylyk maksatlary bilen baglanyşdyrmak arkaly BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmäge we ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Geljege gönükdirilen ykdysadyýeti döretmek maksady bilen, ýurdumyzda sanlylaşdyrma we durnukly ösüş ugurlary öňe sürülýär. Sanly infrastruktura, elektron hökümet we häzirki zaman tehnologiýalaryna goýlan maýa goýumlar işewürlikde netijeliligi ýokarlandyrýar we innowasiýalara ýol açýar. Şeýle-de, «ýaşyl» geçiş çäklerinde arassa energetika we ekologiýa taýdan jogapkär çemeleşmeler ileri tutulýar.
Şahnoza HOJAMOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.