1920-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda “Mazda” ady bilen belli bolan ýapon kompaniýasy esaslandyrylýar. “Toyo Cork Kogyo Co., Ltd” ady bilen gurlan kompaniýa ilkibaşda dykylary we beýleki agaç önümlerini öndürmek bilen meşgullanýar. 1927-nji ýylda kompaniýanyň adyndaky “Cork” (dyky) sözi aýrylýar we elektrik energiýasy bilen işleýän kiçiräk enjamlarynyň önümçiligini ýola goýýar. 1931-nji ýylda bolsa üç tigirli ýük motorlaryny öndürip başlaýar. Şeýlelikde, kompaniýa ilkinji gezek “Mazda” adyny hem ulanýar. Soňky ýyllarda kompaniýa üç tigirli ýük ulaglary hem öndürýär. Häzirki wagtda kompaniýa Ýaponiýany we dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndürijileriniň biridir.