Ispaniýanyň “Real Madrid” topary Gresiýanyň “Olimpiakos” toparynyň myhmany bolup, Pireý şäherinde geçirilen duşuşykda janköýerler 7 goluň şaýady boldular. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri 8-nji minutda Çikinionyň goly bilen öňe geçdi. Ýöne madridlileriň jogaby gijikmedi hem-de uly boldy. Ispan toparynyň ýyldyzy Kilian Mbappe 7 minutyň dowamynda het-trik etmegi başardy. Ol 22-nji, 24-nji we 29-njy minutlarda tapawutlandy. Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, umumylykda Çempionlar Ligasyndaky 5-nji het-trigi hökmünde hasaba alyndy. Ol 6 minut 42 sekuntda 3 gol geçirip, Mohamed Salahdan (6,12 minut) soň bu ýaryşda iň çalt het-trik eden oýunçy boldy. 52-nji minutda Mehdi Taremi grek klubunyň umytlaryny oýarsa-da, 60-njy minutda Mbappe 4-nji goluny geçirip, aratapawudy ýene-de 2 gola çykardy. El Kaabiniň 81-nji minutdaky goly “Olimpiakosa” ýeňiş üçin ýeterlik bolmady we “Real Madrid” 4-3 hasabynda ýeňiş gazandy.
“Interiň” ilkinji ýeňlişi
Madridiň beýleki topary “Atletiko” hem bu tapgyry ýeňiş bilen tamamlady. Italiýanyň “Inter” topary bilen duşuşan “Atletiko” 90-njy minutdan soň ýeňşini baýram etdi. 9-njy minutda Hulian Alwaresiň goly bilen öňe geçen ispan toparynyň derwezesinden 54-nji minutda Zielinski deňlik goluny geçirdi. Ýöne 90+3-nji minutda Himenes ispanlara ýeňiş getiren goly geçirip, “Interiň” ýeňlişsiz ýörişini soňlady.
PDF









