Dünýä Kubogy 2026-a gatnaşjak 29-njy ýygyndy Fransiýanyň milli topary bolup, fransuzlar saýlama tapgyrynyň Ýewropa sebiti boýunça “D” toparçada Parižde Ukrainanyň ýygyndysyny 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda 2 gol geçiren Kilian Mbappeniň karýerasynda salan gollarynyň sany 400-e ýetdi. Ol şol gollarynyň 345-sini klublarda, 55-sini bolsa milli ýygyndysyny düzüminde geçirdi. Mbappeniň 400 gola ýetmegi üçin 535 duşuşyk gerek boldy. Lionel Messi 400 gola 525, Kristiano Ronaldo bolsa 653 oýunda ýetdi. Şeýle-de, 26 ýaş 11 aýlyk Mbappe 400 gola Lionel Messiden hem-de Ronaldodan çalt ýetmegi başardy. Messiniň 26 ýaş 11 aýlyk döwründe 391, Ronaldonyň 266 goly bardy.
PDF









