Formula 1 boýunça möwsümiň 14-nji ýaryşy Wengriýanyň paýtagty Budapeştiň golaýyndaky “Hungaroring” trassasynda geçirildi. 70 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda “McLaren” toparynyň sürüjileri öňdäki 2 orny eýeledi. Bu olaryň bassyr 4-nji, şu möwsümdäki 7-nji goşa ýeňşidir.
Ýaryşy 1 sagat 35 minut 21,231 sekuntda tamamlan britaniýaly Lando Norris ýeňiji boldy. Bu onuň şu möwsümdäki 5-nji ýeňşi bolup, ol soňky 4 ýaryşda 3-nji gezek 1-nji ýeri eýledi. Topardaşyndan 0,698 sekunt yza galan awstraliýaly Oskar Piastri 2-nji orna mynasyp boldy.
“Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Jorj Rassell ýeňijiden 21,916 sekunt soň pellehana gelip, şu möwsümde 4-nji gezek 3-nji orny eýeledi. Ýaryşa ilkinji hatardan başlan “Ferrari” toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler soňky aýlawlarda ýeňiş münberine çykmak mümkinçiligini elden giderip, 4-nji orun bilen oňňut etmeli boldy. “Aston Martin” toparynyň ispan sürüjisi Fernando Alonsonyň 5-nji ýeri eýelän ýaryşynda häzirki çempion, “Red Bull” toparynyň niderland piloty Maks Werstappen ýaryşy 9-njy bolup tamamlady.
Geçirilen 14-nji ýaryşdan soň “McLaren” toparynyň sürüjileri arany açmagyny dowam edýär. Piastriniň 284, Norrisiň 275 utugy bolup, olar 1-2-nji ýerleri paýlaşýarlar. Kem-kemden çempionlykdan daşlaşýan Werstappen 187 utuk bilen 3-nji ýerde barýar. 4-nji ýerdäki Rasselliň 172, 5-nji basgançakdaky Lekleriň 151 utugy bar.
F1-de indiki ýaryş 4 hepdä golaý arakesmeden soň 31-nji awgustda Niderlandlarda geçiriler.