XXI asyr­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da me­de­ni gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek dü­şün­je­si aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Şeý­le müm­kin­çi­lik­le­riň ba­şyn­da bol­sa me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa bo­lup, ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de yna­nyş­mak, dost­luk, öza­ra dü­şü­niş­mek üçin mö­hüm plat­for­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Türk­me­nis­tan hem bu ug­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat «açyk ga­py­lar» we «pa­ra­hat­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy» ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar. Şo­nuň üçin me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­nyň ös­dü­ril­me­gi di­ňe bir hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň däl, eý­sem, Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň mö­hüm gu­ra­ly­dyr. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2026 – 2052-nji ýyl­lar üçin Stra­te­gi­ýa­sy hem-de şu Stra­te­gi­ýa­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy.
Me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa bir döw­le­tiň öz mil­li me­de­ni­ýe­ti­ni, ta­ry­hy­ny, däp-des­sur­la­ry­ny, di­li­ni, sun­ga­ty­ny, ylym-bi­lim de­re­je­si­ni dün­ýä ta­nat­ma­gyň we şol esas­da beý­le­ki ýurt­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň ýö­rel­ge­si­dir. Ol döw­let de­re­je­sin­de ama­la aşy­ryl­ýan da­şa­ry gat­na­şyk­lar ul­ga­my­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar.
Ýa­kyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­tin­de tür­ki döw­let­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar­da me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň aý­ra­tyn or­nu­na ün­si çek­di. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan hyz­mat­daş­lyk halk­la­ry­my­zyň öz­bo­luş­ly mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny go­rap sak­la­mak­da, kä­mil­leş­dir­mek­de, dün­ýä ta­nat­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri aýt­dy we bi­le­lik­dä­ki me­de­ni-köp­çü­lik çä­re­le­ri­ni gu­ra­mak bo­ýun­ça iş­le­ri güýç­len­dir­me­gi tek­lip et­di. Şun­da, hu­su­san-da, Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni, teatr çy­kyş­la­ry­ny, dür­li ser­gi­le­ri, ki­no gün­le­ri­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça uly we köp iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi bel­le­ni­lip, ýurt­la­ry­my­zyň bu ugur­da ga­za­nan baý tej­ri­be­si­ni do­wam et­dir­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy bel­le­nil­di.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 13-15-nji okt­ýabr­da Ba­ku we Gen­je şä­her­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­syn­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Me­de­ni­ýet gün­le­rin­de «Ar­ka­dag­dan ar­ka­ly türk­men mil­li mi­ra­sy» at­ly ýur­du­my­zyň mu­zeý­le­ri­niň gym­mat­ly eks­po­nat­la­ry, halk ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň, mil­li ge­ýim­le­riň, ha­ly­çy­lyk hem-de su­rat eser­le­ri­niň nus­ga­la­ry­nyň ser­gi­si, Türk­me­nis­ta­nyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti, ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýe­ti, ta­ry­hy hem-de ede­bi­ýa­ty bi­len bag­ly ki­tap­lar, ne­şir­ler we yl­my iş­le­riň top­lu­my­nyň ser­gi­si, türk­men mil­li ta­gam­la­ry, süý­ji-çö­rek önüm­le­ri hem-de aş­ha­na däp­le­ri gör­ke­zil­di. Da­ba­ra­ly çä­re Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki kon­ser­ti bi­len jem­len­di.
Ýur­du­myz­da hem-de onuň çä­gin­den da­şar­da mil­li mi­ra­sy­my­zy we döw­le­ti­mi­ziň tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni wa­gyz et­mä­ge ba­gyş­la­nan dür­li çä­re­ler gu­ral­ýar. Öza­ra me­de­ni alyş­ma­la­ryň çäk­le­rin­de gu­ra­lan yl­my mas­la­hat­la­ry, meş­hur aý­dym­çy­la­ryň we sa­zan­da­la­ryň dö­re­di­ji­lik sa­par­la­ry­ny, ser­gi­le­ri, ki­no gör­ke­zi­liş­le­ri, Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni we beý­le­ki bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri mu­ňa my­sal hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Pa­ra­hat­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýa­ly mi­ze­mez gym­mat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän bu çä­re­ler dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne ägirt uly go­şant go­şan dost­luk­ly halk­la­ryň ta­ry­hy-me­de­ni we ru­hy däp­le­ri­niň umu­my­ly­gy­na da­ýan­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na kuw­wat­ly iter­gi ber­ýär.
Türk­me­nis­tan üçin bu ugur mil­li me­de­ni mi­ra­sy dün­ýä de­re­je­sin­de go­ra­mak, wa­gyz et­mek hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry sy­ýa­sa­ty­ny we pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­si­ni ös­dür­mek ýo­lu­dyr. Me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­nyň ne­ti­je­li ös­dü­ril­me­gi ýur­duň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de ynam dö­red­ýär we türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my me­de­ni­ýe­ti­niň do­wam­ly­ly­gy­ny gör­kez­ýär.

Enegül BEGLIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.