Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy özgertmeleri başdan geçirýän ýurdumyz ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň halkara abraýy belende göterilýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi parahatçylygy, özara düşünişmegi, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ynsanperwer ýörelgeleri mundan beýläk-de berkitmäge giň ýol açýar.
Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Özboluşly medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr.
Medeni diplomatiýa ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmaga ýardam bermek bilen, döwlet Baştutanymyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat işgärleriniň täze eserleri döredip, watandaşlarymyzy täze üstünliklere hem-de zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Sungat ulgamynda hem halk halyçylary, ussat bezeg we nakgaşlyk işleri halkara derejesinde ykrar edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde berlen tekliplere laýyklykda, medeni diplomatiýany ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy we şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan şan-şöhratly türkmen medeniýeti adamzadyň geçmişine içgin hem ylmy jähtden göz aýlamaga, halklaryň, medeniýetleriň özara gatnaşygyna düşünmäge hem-de olary ösdürmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň çägindäki gadymy medeniýetleriň tapyndylary, taryhy galalar, ýadygärlikler toplumlary ýurdumyzyň ösen ylym-bilimi, medeniýetidir sungaty özünde jemleýän gadymy mekan bolandygyny doly subut edýär. Dünýä medeniýetiniň, tutuş adamzadyň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni, tebigy gymmatlyklary geljek nesiller üçin gorap saklamakda giň möçberli işleriň alnyp barylmagy möhüm ugurdyr. Şeýle işler medeni ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmäge, milli gymmatlyklary wagyz etmäge, ählumumy abadançylygy üpjün edýän medeni-ynsanperwer dialogy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işlere badalga bolup çykyş edýär.
Güljemile ŞAMYRADOWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň medeni-usulyýet merkeziniň usulyýetçi maslahatçysy.
PDF









