22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni Medeniýet hepdeligini geçiriler.
Hepdeligiň çäklerinde dürli mazmunly medeni çäreleri, şol sanda Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyny, konsertleri, aýdym-sazly çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, şygryýet agşamlaryny, filmleriň we sahna oýunlarynyň görkezilişini, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan “Şasenem-Garyp” operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem hepdelige gatnaşyjylaryň paýtagtymyzdaky “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda beýik şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
Bu barada 13-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.