Mekdep okuwçylaryndan düzülen topar robot tehnologiýasy boýunça Panama Respublikasynda geçiriljek “First Global Challenge 2025” atly halkara bäsleşigine gatnaşar. “Robotlaryň Olimpiadasy” diýlip hem atlandyrylýan bu bäsleşik şu ýylyň 29-njy oktýabryndan 1-nji noýabry aralygynda geçiriler. Oňa 190 döwletiň ýaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Halkara bäsleşige gatnaşjak topar Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylaryndan ybarat. Ol Çaryýew Ysmaýyl, Gylyçmuhammedow Emirhan, Çolukow Aznawur, Gulow Şirmuhammet, Orazgeldiýew Gurbangeldi dagysyndan düzülen. Topara tejribeli mugallym Myrat Sähetgulyýew ýolbaşçylyk edýär.

“First Global Challenge” – Olimpiýa oýunlary görnüşinde guralýan robot tehnologiýasy boýunça halkara bäsleşik bolup durýar. Ol bu gezek ekoulgamyň deňagramlylygyna bagyşlanyp, dünýä ýaşlaryna daşky gurşawy goramak boýunça täze çözgütleri hödürlemegi maksat edinýär.