Watikan Rimdäki San-Lorenso-in-Luçina buthanasyndaky perişde şekillendirilen freskanyň başlangyç keşbini dikeltmekçi. Abatlaýyş işleri geçirilenden soň buthananyň myhmanlary ony Italiýanyň Premýer-ministri Jorji Melonä meňzedipdiler.
Eseri asyl durkuna getirmek başlangyjy bilen prihodyň ýolbaşçysy monsinýor Daniýele Mikeletti çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, birisi Meloniniň keşbini ýatladýan iki perişde Korol Umberto II heýkeliniň daşyny gurşaýar. 2000-nji ýylda peýda bolan bu şekil döwrebap bolandygy sebäpli, ol gorag astyndaky medeni miras eserleriniň hataryna girenok diýlip, makalada aýdylýar.
Häzirki wagtda Italiýanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçysy Alessandro Juliniň başlangyjy bilen, 2000-nji ýylda bu işiň döredilen ýeri bolan Atanakapella bezeg baradaky resminamalary boýunça arhiw barlaglary geçirilýär.
“Repubblica” gazetiniň berýän maglumatyna görä, soňky rejeleýiş işlerini professional bolmadyk hünärmenler geçiripdir we işler 2025-nji ýylyň ahyrynda tamamlanypdyr. Perişde Meloniniň ýüz keşbini eýýäm dekabrda alypdy, emma şekiliň töweregindäki düşünişmezlikler geçen hepde ýüze çykdy.
Ýatlap geçsek, Ikinji jahan urşundan soň, Italiýada referendumyň netijesinde monarhiýa ýatyrylmazdan ozal bary-ýogy bir aý dolandyran Korol Umberto II heýkelini 1985-nji ýylda, Korol aradan çykandan iki ýyl soň, buthananyň monahy don Pýetro Pintusyň çözgüdi bilen goýlupdy. 2000-nji ýylda heýkeliň töwereginde perişdeler peýda boldy, olaryň birisi elinde Italiýanyň şekili bolan kagyz tutup dur we häzirki wagtda näme üçindir Meloni bilen meňzeşlik döredýär.
Mundan öň, Rimdäki San-Lorenso-in-Luçina buthanasyndaky freskada perişde keşbiniň Italiýanyň Premýer-ministri Jorji Meloni bilen meňzeşliginiň hem paýtagt eparhiýasy, hem-de Medeniýet ministrligi tarapyndan gyzyklanma döredendigi habar berlipdi.